Habarlar

Türkmenistanyň basketbolçylary Gonkongyň we Indoneziýanyň klublaryny ýeňdiler!

3 görüldi
Türkmenistanyň basketbolçylary Gonkongyň we Indoneziýanyň klublaryny ýeňdiler!

Malaýziýadaky geçirilýän  basketboluň 3x3 görnüşi boýunça  halkara ýaryşynda ildeşlerimizden wajyp ýeňişler!   

 

Ýurdumyzyň «Aşgabat» basketbol kluby toparçalaýyn tapgyrynda Gonkongyň «Wolf United» klubyny 22:5 hasabynda utdy. Şeýle-hem ýigitlerimiz Indoneziýanyň «Spartan Renon» klubyny 22:16 hasabynda ýeňdiler. Hytaýyň «Deking» topary bilen oýunda bolsa üstünlik hytaýly toparyň tarapynda boldy. Muňa garamazdan «Aşgabat» basketbol kluby ýaryşyň çärýek finalyna çykdylar.

 

Penang şäherinde geçirilýän ýaryşda türkmen toparyna ýeňişleri arzuw edýäris!