ТÜRKMENISTANYŇ «AŞGABAT» TOPARY FIBA 3X3 QUEST 2026 ÝARYŞYNA GATNAŞAR.

Türkmenistanyň milli basketbolynyň 3x3 görnüşindäki «Aşgabat» topary halkara ýaryşlarda çykyşyny dowam etdirýär.
Geçen aý Malaýziýanyň Johor-Bahru şäherinde geçirilen FIBA 3x3 Lite Quest halkara ýaryşynda «Aşgabat» topary üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň ikinji orny eýeledi. 🥈
Bu netijäniň esasynda topar Penang FIBA 3x3 Quest 2026 ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite ýollama gazandy.
Indiki tapgyr 5–6-njy sentýabrda Malaýziýanyň Penang şäherinde, Central Atrium Queensbay Mall meýdançasynda geçiriler.
Ýaryşa gatnaşýan toparlaryň arasynda Türkmenistanyň «Aşgabat» topary hem bolup, toparyň öňünde möhüm maksat durýar — ýaryşda ýeňiş gazanyp, FIBA 3x3 World Tour Macau Masters 2026 ýaryşyna gatnaşmaga ýollama gazanmak.
Penang şäherindäki ýaryşyň çempiony 2026-njy ýylyň 17–18-nji oktýabrynda Hytaýyň Makao şäherinde geçiriljek FIBA 3x3 World Tour Macau Masters ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.
«Aşgabat» topary bu ýaryşda Türkmenistanyň sport abraýyny halkara derejesinde mynasyp goramak we ýokary netije gazanmak üçin göreşer.

